Pediatriýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy





Pediatriýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylmy kandidaty Maýa Bekmuratowna Annanurowa

tel: +993 60 20-38-77   e-mail: 


Salgysy: Aşgabat ş., Baba Annanow köçe, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi, jaý 28. 2-nji gat.




        Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetiniň Pediatriýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi.  Kafedrada okuwlar pediatriýa we neonatologiýa ugurlary boýunça alnyp barylýar. Diplomdan soňky taýýarlyk okuwlar 3 aýlyk ilkinji hünär kämilleşdirilişi, ugurlaýyn we  kämilleşdiriş  öz içine  alýar.


Kafedranyň işgärleri tarapyndan 30-dan gowrak okuw – usuly gollanma taýýarlanylan. Kafedrada amaly we beýan sapaklar üçin test boýunça ilkinji hünär derejä baha bermek testleri, multimediýa  presintasiýalary we golýazmalar  bar.    Amaly okuw we beýan sapaklara degişli materiallaryň belli bir bölegi elektron görnüşde uniwersitetiň baş kitaphanasyna tabşyrylan. Her ýyl uniwersitetiň beýleki pediatriýa ulgamlary we maşgala lukmançylygy kafedralary bilen bilelikde pediatriýanyň wajyp meseleler boýunça sanly bilim arkaly tele beýanlar we konsilumlar geçirilýär.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň E we ÇSGOYM-i kafedranyň kliniki bazasy bolup durýar. Kafedranyň işgärleri uly anyklaýyş we maslahat beriş işlerini amala aşyrýarlar, şu işiniň bir bölegini telemedisina, sanawiasiýa arkaly geçirýärler.  






















Pediatr lukman bilen bilelikde näsagyň maslahaty

  

Kafedrada geçirilýän ylym – barlag işleriş ugurlary: “Dowamly içgeçmeli çagalaryň mikronutriýentleriniň ýagdaýy”, “Çagalarda gastroenterologiýanyň wajyp meseleleri”, ”Ýetişmezlik alamatlary bilen doglan çagalaryň fiziki we aň-paýhas ösüşleriniň aýratynlyklary”.


Ylmy işler boýunça alynan netijeler kafedranyň işgärleri tarapyndan konferensiýalarda, simposiumlarda çykyşlar bilen beýan edilýär. Kafedranyň ylmy işleri boýunça taýýarlanylan materiallar Türkmenistanda çykarylýan žurnallarda we konferensiýalaryň tezislerinde çapa çykarylýar. Kafedranyň işgärleri sagdyn durmuş ýörelgesi, sagdyn ýaşamaklykda sportyň, bedenterbiýäniň, dogry iýmitlenmegiň ähmiýetleri barada işgärleriň, diňleýjileriň we ilatyň arasynda hem  giňişleýin çykyşlary gazet – žurnallarda çap etmek, radio we telewideo arkaly çykyş etmek amala aşyrylýar.






















Neonatolog lukmanlar amaly sapakda

 

 

Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar